Gümrük dellaly – deklarantyň ýa-da Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda gümrük amallaryny ýerine ýetirmek hukugy berlen ýa-da borçlary ýüklenen gaýry şahsyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça gümrük amallaryny ýerine ýetirýän araçy.
“Keremli Ýollar” kompaniýasy 2013-nji ýyldan bäri gümrük dellaly bolup durýar we senagat enjamlarynyň, ýörite enjamlaryň, azyk önümleriniň, haýwanlaryň, howply, suwuk we dökülýän ýükleri resmileşdirmekde baý tejribä eýedir.
Biz sargytlary dolulygyna ýerine ýetirmek şerti bilen, şeýle hem bölekleýin ýerine ýetirmek şerti bilen kabul edýäris, ähli zat Siziň amatlygyňyz üçin, ähli zat Siziň islegiňize görä ýerine ýetirilýär.
Ýük dolanyşygynyň häzirki zaman dünýäsinde gümrük dellalynyň hyzmaty bolmazdan köplenç kyn bolýar, şinuň üçin Size elmydama kömegimizi hödürlemäge taýýar.
Kompaniýamyzyň hünärmenleri islendik gümrük düzgüninde şahsy taýdan peýdalanmak üçin ýa-da täjirçilik maksatly ýükleriň we harytlaryň ähli görnüşleriniň gümrük taýdan resmileşdirimek hyzmatlaryny edýär.
Biz gümrük maksatlary we söwda üçin hökmany bolan, şeýle hem önümleriň hilini tassyklaýan meýletin bolan ähli görnüşli ýükleriň sertifisirlenmegini geçirýäris.
Halkara ýük daşamalary we gümrük taýdan resmileşdirilmek daşary ykdysady işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Biz islendik ýükleriň dünýäniň islendik ýurdundan gury ýer, suw we howa arkaly daşalmagyny amala aşyrýarys. Bu maksatlar üçin kompaniýamyzyň hususy ulaglary bar, şeýle hem iň iri deňiz, demir ýol, awtoulag we howa daşaýjylary bilen hyzmat şertnamalary bar. Halkara ulag daşamalarynyň aňryçäk derejede çalt we ygtybarly bolmagyny üpjün etmek üçin elimizden gelenini edýäris.
Awtoulag
Arkaly
Deňiz ulagy
arkaly
Demir ýol
ulagy arkaly
Howa ulagy
arkaly
Multimodal
ulagy arkaly
Kompaniýamyzyň hünärmenleri islendik gümrük düzgüninde şahsy taýdan peýdalanmak üçin ýa-da täjirçilik maksatly ýükleriň we harytlaryň ähli görnüşleriniň gümrük taýdan resmileşdirimek hyzmatlaryny edýär.
Biz gümrük maksatlary we söwda üçin hökmany bolan, şeýle hem önümleriň hilini tassyklaýan meýletin bolan ähli görnüşli ýükleriň sertifisirlenmegini geçirýäris. Olara şu aşakdakylar degişli:
Iň soňky wakalardan habardar boluň