“Keremli Ýollar” HJ

Müşderiniň serişdelerini az derejede ulanmak bilen ähli meseleleri çözýäris

Hyzmatlarymyz

Gümrük dellaly – deklarantyň ýa-da Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda gümrük amallaryny ýerine ýetirmek hukugy berlen ýa-da borçlary ýüklenen gaýry şahsyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça gümrük amallaryny ýerine ýetirýän araçy.

“Keremli Ýollar” kompaniýasy 2013-nji ýyldan bäri gümrük dellaly bolup durýar we senagat enjamlarynyň, ýörite enjamlaryň, azyk önümleriniň, haýwanlaryň, howply, suwuk we dökülýän ýükleri resmileşdirmekde baý tejribä eýedir.

Biz sargytlary dolulygyna ýerine ýetirmek şerti bilen, şeýle hem bölekleýin ýerine ýetirmek şerti bilen kabul edýäris, ähli zat Siziň amatlygyňyz üçin, ähli zat Siziň islegiňize görä ýerine ýetirilýär.

Ýük dolanyşygynyň häzirki zaman dünýäsinde gümrük dellalynyň hyzmaty bolmazdan köplenç kyn bolýar, şinuň üçin Size elmydama kömegimizi hödürlemäge taýýar.

Kompaniýamyzyň hünärmenleri islendik gümrük düzgüninde şahsy taýdan peýdalanmak üçin ýa-da täjirçilik maksatly ýükleriň we harytlaryň ähli görnüşleriniň gümrük taýdan resmileşdirimek hyzmatlaryny edýär.

Biz gümrük maksatlary we söwda üçin hökmany bolan, şeýle hem önümleriň hilini tassyklaýan meýletin bolan ähli görnüşli ýükleriň sertifisirlenmegini geçirýäris.

Kompaniýa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzasy, şeýle hem Türkmenistanyň Logistika Assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.

MÜŞDERIMIZ boluň!
Biziň bilen AMATLY we RAHAT!

Habarlar

04:02 06-04-2021

Türkmenistanyň ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky kanuny

Türkmenistanyň ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky kanuny

Okamak
02:02 23-02-2021

Türkmenistanyň Kanuny

Türkmenistanyň Kanuny

Okamak
02:02 23-02-2021

Kanunlara we kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar

Kanunlara we kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar

Okamak

Halkara ýük daşamalary we gümrük taýdan resmileşdirilmek daşary ykdysady işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Biz islendik ýükleriň dünýäniň islendik ýurdundan gury ýer, suw we howa arkaly daşalmagyny amala aşyrýarys. Bu maksatlar üçin kompaniýamyzyň hususy ulaglary bar, şeýle hem iň iri deňiz, demir ýol, awtoulag we howa daşaýjylary bilen hyzmat şertnamalary bar. Halkara ulag daşamalarynyň aňryçäk derejede çalt we ygtybarly bolmagyny üpjün etmek üçin elimizden gelenini edýäris.

Awtoulag
Arkaly

Deňiz ulagy
arkaly

Demir ýol
ulagy arkaly

Howa ulagy
arkaly

Multimodal
ulagy arkaly

Gümrük taýdan resmileşdirmek

Kompaniýamyzyň hünärmenleri islendik gümrük düzgüninde şahsy taýdan peýdalanmak üçin ýa-da täjirçilik maksatly ýükleriň we harytlaryň ähli görnüşleriniň gümrük taýdan resmileşdirimek hyzmatlaryny edýär.

  • Import (gümrük ammaryndan çykarmak)
  • Eksport (gümrük ammaryna salmak)
  • IGT (Içerki gümrük tranziti)
  • Wagtlaýyn getirmek
  • Wagtlaýyn çykarmak

Harytlary sertifisirlemek

Biz gümrük maksatlary we söwda üçin hökmany bolan, şeýle hem önümleriň hilini tassyklaýan meýletin bolan ähli görnüşli ýükleriň sertifisirlenmegini geçirýäris. Olara şu aşakdakylar degişli:

  • Laýyklyk deklarasiýasy
  • Laýyklyk sertifikaty
  • Döwlet tarapyndan hasaba almak hakynda şahadatnama
  • Düzüminde spirt bolmagy hakynda teswirnama
  • Ýangyn sertifikaty

Hyzmatdaşlar üçin

  • Biziň bilen hyzmatdaşlyk Siziň üçin amatly we rahat bolar. Biziň hödürleýän şertlerimiz – birkemsiz we kemçilikleri we ýalňyşlyklary aradan aýyrýar. Biz bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen Siziň geljegiňiz ynamly bolar.
  • Bize gyzyklandyrmaňyz bar bolsa, bellenilen tertipde ylalaşyga gol çekilýär we özara peýdaly hyzmatdaşlygymyz başlaýar.
  • Myhmanlarymyz üçin howa menzilinden we howa menziline transferi, ýokary derejeli myhmanhanalarda ýerleşdirmegi, bilet satyn almagy, işewür duşuşyklaryna gitmegi guraýarys, ýolbelet hyzmatlaryny, beýаnlaryň terjimesini we kätip hyzmatlaryny hödürleýäris.

Habarnamalara ýazylyň

Iň soňky wakalardan habardar boluň

Seslenme görnüşi

Soragyňyzy beriň