Biz hakda

Tejribe

Kompaniýa daşary ýurt we türkmen kärhanalary bilen işlemek tejribesine eýedir, bu bolsa müşderilere ýokary hilli hyzmat etmek, çylşyrymly meseleleriň hünär taýdan çözgüdini we elýeterli bahalary hödürlemek bilen bazarda özüni ynamly duýmaga, ýüze çykýan meseleleri çalt we netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

Häzir “Keremli Ýollar” HJ gümrük dellaly bolup, Türkmenistanyn Döwlet gümrük gullugynyň gümrük dellallarynyň sanawyna girizildi.

Işgärler

“Keremli Ýollar” HJ-niň işgärleri – kompaniýanyň iň uly gymmatlygy bolup durýar. Olar gümrük taýdan resmileşdirmek, ulagly daşamak pudagynda başarnykly bolup, fors-mažor ýagdaýlarda çalt hereket edýär, müşderileriň gyzyklanmalaryna hormat goýup, öz işine jogapkärçilikli çemeleşýär.

Müşderiniň serişdelerini az derejede ulanmak bilen ähli meseleleri çözmäge synanyşýarys. Türkmen bazaryny, ýurduň içinde ýükleriň hereketiniň aýratynlyklaryny, gümrük taýdan resmileşdirmek, sertifisirlemek düzgünlerini bilmek – müşderilere hyzmat etmek üçin iň gowy şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Üstünligiň kepili

“Keremli Ýollar” HJ – işe hünär taýdan çemeleşýän gümrük dellaly. Köp ýyllyk tejribämiz, kanunçylygy gowy bilmek, ygrarly nyrh syýasaty, islendik meseläni çözmäge toplumlaýyn çemeleşme, ýokary hilli hyzmat –her bir anyk işde çalt karar bermäge we hukuk meýdanynda ähli amallary amala aşyrmaga, müşderileriň maddy we wagt çykdajylaryny optimizirlemäge mümkinçilik berýär.