Türkmenistanyň ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky kanuny

02:55 06-04-2021

Türkmenistanyň ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky kanuny

Türkmenistanyň ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky kanuny güýje girizildi.

24 nji maddanyň 3-nji bendinden göçürme:

 Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän gözegçilik -geçiriş ýerlerinde sanitariýa -epidomologiýa gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň degişli edaralary we guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän gözegçilik – geçiriş ýerlerinden ýolagçylaryň , ekipažlaryň, toparlaryň we arasynda ýokanç keselleriň alamatlary bar bolan beýleki adamlaryň geçirilmegine, ol adamlar lukmançylyk gözden geçirmeleri amala aşyrylandan soňra rugsat berilýär.

25 nji maddanyň 1-nji bendinden göçürme:

Türkmenistanyň çägine ýokanjyň geçmegine sebäp bolup biljek ýa-da adamlarynyň janyna we saglygyna howp döredip biljek adamlaryň, ulag serişdeleriniň girmegi, ýükleriň , harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi diňe sanitariýa-karantin gözegçiligi amala aşyrylandan soň rugsat berilýär. Şeýle ulag serişdeleriniň , ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň gümrük taýdan resmilleşdirmegi görkezilen barlagdan soňra amala aşyrylýar.

2-nji bendi:

Türkmenistanyň çägine ulag serişdeleriniň girmegine, onuň çägine ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegine, Türkmenistandan çykarylmagyna ýa-da onuň çäginden üstaşyr geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynyň we halkara şertnamalryň talaplaryna laýyklykda, degişli resminamalary bar bolan mahalynda rugsat berilýär.

3-nji bendi:

Şu maddada görkezilen ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegine şu aşakdakylary kesgitlän sanitariýa-epidemilogiýa gözegçiligi geçirilende rugsat berilmeýär:

1) Olaryň getirilmegi adamlaryň jany we saglygy üçin howplulygy bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen bolsa;

2) Olaryň getirilmegi köpçülikleýin ýokanç keselleriň döremegine ýa-da adamlaryň zäherlenmegine getirip biljek bolsa.

5-nji bendi:

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti epidemiýa ýagdaýyny göz öňünde tutup, ol ýurtlar bilen ulag aragatnaşygy , ol ýurtlardan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana girmegi, şeýle hem ýokanjyň Türkmenistana geçiş ýagdaýlary bolup biljek ýükleriň harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň ol ýurtlara çykmagy babatda wagtlaýyn çäklendirilmeleri we aýratyn şertleri belläp biler.

6-nji bendi:

Türkmenistanyň raýatlarynyň howply ýokanç keseller bilen kesellemeginiň ýokary töwekgelçiligi bolan ýurtlara gitmegine, olar degişli öňüni alyş sanjymlaryny alandan soň ýa-da göz öňünde tutulan beýleki çäreler geçirilenden soň rugsat berilýär.

Çeşme : “Bitarap Türkmenistan” 25.03.2021 seneden 74 belgili neşiri